Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 18:18 - Mukaddes Kitap

18 Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Ыляс оңа шейле җогап берди: «Ысрайыл халкыны биынҗалык эдйән мен дәлдирин. Сен ве сениң ата-бабаларың Реббиң табшырыкларыны терк эдип, Багалың ызына эердиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 18:18
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Ahap Samariýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy.


(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.)


Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler».


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Ysraýyl patyşasy Ahaz zerarly Reb Ýahudany kiçeldipdi, çünki Ahaz Ýahudada azgynlyk edip, Rebbe hyýanat edipdi.


Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa, ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.


Günäkäri betbagtlyk kowalaýar, dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.


Kanuny bozýanlar erbetleri öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.


Erbetler öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Samariýa pygamberleriniň arasynda Men bu nejis işi gördüm: Bagalyň adyndan pygamberlik edip, olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Seret, Men seni edil olar ýaly keçjal we doňýürek etdim.


Ol muny Ýahýaňyň özüne: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýeni üçin etdi.


Olar maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler.


Ýa-da bu ýerdäkiler ýokary mejlisiň öňünde duranymda, menden näme jenaýat tapandyklaryny, goý, aýtsynlar.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Ýonatan şeýle diýdi: «Kakamyň beýtmesi goşuna sütem etmek bolýar. Serediň, gözüm ýiteläýendir, sebäbi men şu baldan azajyk dadyp gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ