Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 18:12 - Mukaddes Kitap

12 Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен сениң яныңдан гиден бадыма, Реббиң Рухы сени әкидер, мен-де сениң ниредедигиңи билмерин. Шейдип, мен барып, Ахаба сениң бардыгыңы айтсам, ол-да сени тапмаса, мени өлдүрер. Гулуң яшлыгындан бәри бүтин калбы билен Реббе ыбадат эдип гелйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 18:12
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne häzir sen maňa: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt“ diýýärsiň.


Olar gürleşip gidip barýarkalar, birdenkä alaw atlaryna tirkelen alaw söweş arabasy olary biri-birinden aýyrýar. Ylýas harasat bilen göge göterilýär.


Olar Elýaşa: «Ine, gullaryň arasynda elli sany güýçli adam bar. Goý, olar gidip, seniň jenabyň Ylýasy gözlesinler. Belki, Rebbiň Ruhy ony äkidip, dagdyr jülgeleriň birine taşlandyr» diýdiler. Elýaşa olara: «Ýok, olary ibermäň» diýdi.


Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.


Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn.


Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.


Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.


Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni Öz ruhy bilen getirip, düzlügiň ortasynda goýdy; düzlük süňklerden doludy.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi.


Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.


Hirod Petrusy agtardy. Emma ony tapmansoň, garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirod Ýahudyýadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy.


Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ