7 Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy.
7 Вагтың гечмеги билен чешме гурады, чүнки юрда ягыш яганокды.
Gargalar Ylýasa ertirine-de, agşamyna-da çörek bilen et getirip berýärdiler, ol çeşmäniň suwundan içýärdi.
Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar, iberse-de, dünýäni sil alýar.
Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.
Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.
Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.