Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 17:13 - Mukaddes Kitap

13 Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Ыляс оңа шейле дийди: «Сен алада этме. Бар өйүңе гит-де, чөрегиңи бишир. Шол барҗа унуңдан сен өңүрти маңа бир кичиҗик чөрек биширип гетир. Ондан соң унуң галанындан өзүң ве оглуң үчин чөрек биширерсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 17:13
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi.


Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris».


Çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Rebbiň ýagyş ýagdyrjak gününe çenli haltadaky un tükenmez, golçadaky ýag egsilmez“».


Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi.


Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.


Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?


Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.


Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.


Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ