Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 17:12 - Mukaddes Kitap

12 Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ол аял, Ыляса шейле җогап берди: «Худайың Ребден ант ичйәрин, менде чөрек ёк. Менде диңе халтаң дүйбүндәки бир гошавуч ун билен голчада бираз яг бар. Ине, мен хәзир өе гидип, шол барҗа ун билен өзүм хем оглум үчин күлче биширмек үчин чөплеме чөпләп йөрүн. Биз оны иерис, онсоң өлерис».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 17:12
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meşikdäki suw tükendi. Hajar oglany bir gyrymsy agajyň aşagynda taşlap gitdi.


«Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady.


Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi.


Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi.


Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň.


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


„Rebden ant içýärin“ diýseler-de, olar aslynda ýalan ýere ant içýärler».


Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy.


bir aýal çüýşede gymmatbaha atyr ýagyny alyp, Onuň ýanyna geldi we ony Isanyň başyna guýdy.


Ysraýyly halas edýän Rebden ant içýärin, öz oglum Ýonatan günäkär bolsa-da, ol ölmelidir». Emma tutuş halkyň içinden hiç kim oňa jogap bermedi.


Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.


Soňra men: „Bar, oklary tap-da getir“ diýip, bir ýetginjegi ibererin. Eger men oňa: „Oklar, hanha, bu tarapyňda, olary toplap getir“ diýäýsem, onda gelersiň. Rebden ant içýärin, bu seniň üçin howp-hatar ýok diýildigidir.


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ