Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 16:2 - Mukaddes Kitap

2 «Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Сен хич кимдиң, эмма Мен сени халкым ысрайыла патыша этдим. Сен Яробгамың ёлундан йөрәп, халкым ысрайыла гүнә этдирип, оларың гүнәлери билен мениң гахарымы гетирдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 16:2
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».


Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim.


Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.


Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi.


Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.


Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar.


Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.


Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ