Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 16:11 - Mukaddes Kitap

11 Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Зимри патыша болуп, Эланың тагтында отуран бадына, Багшаның бүтин несиллеринден, доган-гарындашларындан ве дост-ярларындан болан бар эркеги өлдүрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 16:11
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.


Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.


Zimri gelip, Elany öldürdi we özi onuň ornuna patyşa boldy. Bu waka Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda bolup geçdi.


Şonuň üçin hem Men Bagşany we onuň bütin nesillerini Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri ýaly ýok ederin.


Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“.


Men Ahabyň maşgalasyny Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin.


Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


Dogrusyny aýtsam, size hasrat getirmekden meni saklan Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin, eger sen haýal etmän meniň ýanyma gelmedik bolsadyň, onda daň atýança Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini goýman gyrjagym şübhesizdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ