Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 14:9 - Mukaddes Kitap

9 Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Гайтам, сен өзүңден өңки патышаларың барындан бетер пислик этдиң. Сен гуйма алтын гөле бутларыны ясап, олара сежде эдип, Мениң гахарымы гетирдиң ве Менден йүз өвүрдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 14:9
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».


Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebbiň gabanjaňlygyny oýardylar.


Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.


Bu Ýarobgamyň Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.


Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Omry Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.


Ahap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.


Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy.


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy.


Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.


Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.


Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.


Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary köşeşdi.


Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy, meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.


Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.


Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.


Olar täze hudaýlary saýlan wagty uruş gala derwezesine gelip ýetipdi. Ysraýylyň kyrk müň esgeriniň ählisi ne galkanyn tapdy, ne-de naýzasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ