Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 14:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Яробгамың өз эден хем-де Ысрайыла этдирен гүнәлери зерарлы, Реб Ысрайылы терк эдер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 14:16
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler.


Bu günä iş Ýarobgamyň nesilleriniň ýer ýüzünden tutuşlygyna ýok bolmagyna getirdi.


Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.


Bu Ýarobgamyň Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.


Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Çünki Bagşa we onuň ogly Ela butlar ýasap, günä etdiler we olar ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdylar.


Zimri Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol öz eden günäleri we Ysraýyla etdiren günäleri üçin öldi.


«Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň.


Omrynyň eden beýleki işleri we görkezen gaýduwsyzlygy hem edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“.


Ol Bagala sežde etdi we edil öz kakasy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.


Emma Ýehu Ysraýyl Hudaýy Rebbiň kanunlaryny bütin kalby bilen berjaý etmedi. Ol ysraýyl halkyna günä etdiren Ýarobgamyň günälerinden el çekmedi.


Ýehogahaz Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günäli ýollaryndan ýöräp, günä etmekden el çekmedi.


Muňa garamazdan ysraýyl halky Ýarobgamyň nesilleriniň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam günä gazanmagyny dowam etdirdi. Aşera buty hem Samariýada galdy.


Ýarobgam Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Menahym Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol bütin ömrüne Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Zakarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi.


Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy.


Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.


Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.


Ysraýyl patyşasy Ahaz zerarly Reb Ýahudany kiçeldipdi, çünki Ahaz Ýahudada azgynlyk edip, Rebbe hyýanat edipdi.


Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi.


Musa Harunyň bu halky başyna goýberendigini gördi, olar duşmanlarynyň öňünde gülküdiler.


Şeýlelikde, Reb halkyň üstünden betbagtçylyk inderdi, sebäbi olar Haruna göle ýasatdyrypdylar.


Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ