Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 13:6 - Mukaddes Kitap

6 Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Патыша оңа: «Худайың Ребден маңа рехим этмегини сорап, элимиң гутулмагы үчин дилег эдәй» дийди. Шейдип, Худайың адамы Яробгамың элиниң гутулмагы үчин Реббе дилег этди. Онсоң патышаның эли гутулып, өңки халына гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 13:6
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň adamynyň Rebbiň tabşyrygy boýunça görkezen alamatyna görä, gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrady.


Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.


Öz soraýşyňyz ýaly, mallaryňyzdyr dowarlaryňyzy hem ýanyňyz bilen alyp gidiň. Maňa ak pata beriň!» diýdi.


Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi.


Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“».


Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi.


Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.


Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»


Beýteliň halky bolsa Rebbe ýalbarmak üçin, Sareseri we Regemmelegi adamlary bilen bile iberipdi.


Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy.


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.


Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň.


Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ