Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 13:3 - Mukaddes Kitap

3 Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Худайың адамы шол гүн бир аламат берип, шейле дийди: «Реббиң айдан аламаты шудур: „Бу гурбанлык сыпасы чым-пытрак болуп, үстүндәки күл думлы-душа пытрар“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 13:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi.


Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Rebbiň meni sagaltjakdygyna we üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorady.


Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi.


Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.


Sizi bu ýerde jezalandyrmagym, özüňiz üçin bir alamat bolar, muny Reb aýdýandyr. Şonda Meniň siziň garşyňyza aýdan sözlerimiň amala aşjakdygyny bilersiňiz“.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler.


Ýahudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler paýhasy agtarýarlar.


Şonda Gidegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez.


Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ