Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 13:21 - Mukaddes Kitap

21-22 Ol Ýahudadan gelen Hudaýyň adamyna Reb şeýle diýýär diýdi: «Rebbiň sözüni diňlemän, Hudaýyň Rebbiň özüňe beren tabşyryklaryny saklamadyň. Yzyňa gaýdyp, çörek edinme, suw içme diýlen ýerden iýip-içendigiň üçin ata-babalaryňyň mazarynda jaýlanmarsyň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21-22 Ол Яхудадан гелен Худайың адамына Реб шейле диййәр дийди: «Реббиң сөзүни диңлемән, Худайың Реббиң өзүңе берен табшырыкларыны сакламадың. Ызыңа гайдып, чөрек эдинме, сув ичме дийлен ерден ийип-ичендигиң үчин ата-бабаларыңың мазарында җайланмарсың».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 13:21
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.


Gat muny Dawuda aýtdy we oňa: «Ýurduňa ýedi ýyl açlyk gelsinmi ýa üç aýlap duşmanlaryňa kowduryp, olardan gaçyp gezjekmi, ýa-da ýurduňa üç günläp gyrgyn keseli gelsinmi? Pikir et-de, belli karara gel; meni iberen Rebbe berjek jogabyňy aýt» diýdi.


Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi.


Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“ diýip tabşyrdy» diýdi.


Olar saçak başynda otyrkalar, ony yzyna alyp gaýdan pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Onsoň ol pygamber beýleki pygambere: «Rebbiň sözüne gulak asmandygyň üçin sen meniň ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ýaňky pygamber beýleki pygamberiň ýanyndan gitdi. Ýolda oňa bir ýolbars gabat gelip, ony öldürdi.


Haman başdan geçiren wakalarynyň baryny aýaly Zereşe we ähli dostlaryna gürrüň berdi. Soňra onuň dostlary we aýaly Zereş oňa: «Öňünde abraýdan düşen Mordekaýyň ýahudylardan bolsa, onda sen ondan üstün bolup bilmersiň, sen hökman ýeňlersiň» diýdiler.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.


«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»


Hudaýyň sandygy agzalan badyna, Eliý oturan kürsüsinden çiň arkanlygyna derweze tarapa agyp gaýtdy. Ol garry hem agyr göwre bolansoň, boýny omrulyp jan berdi. Ol Ysraýyla kyrk ýyllap serdarlyk etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ