Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 13:11 - Mukaddes Kitap

11 Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Onuň ogullaryndan biri gelip, Hudaýyň adamynyň şol gün Beýtelde eden ähli işlerini oňa gürrüň berdi. Olar onuň patyşa diýenleriniň baryny kakalaryna aýdyp berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Бейтелде бир гарры пыгамбер яшаярды. Онуң огулларындан бири гелип, Худайың адамының шол гүн Бейтелде эден әхли ишлерини оңа гүррүң берди. Олар онуң патыша диенлериниң барыны какаларына айдып бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 13:11
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, ol yzyna Beýtele gelen ýolundan gitmän, başga ýol bilen gaýtdy.


Kakalary olardan: «Ol haýsy ýoldan gitdi?» diýip sorady. Onuň ogullary Ýahudadan gelen Hudaýyň adamynyň haýsy ýoldan gidendigini kakalaryna görkezdiler.


Adamlar geçip barýarkalar, ýolda ýatan jesedi hem-de jesediň gapdalynda duran ýolbarsy gördüler. Onsoň olar ýaňky garry pygamberiň ýaşaýan galasyna gelip, bu barada adamlara gürrüň berdiler.


Ýoşyýa patyşa: «Ony öz gününe goýuň, hiç kim onuň süňklerine el degirmesin» diýip tabşyryk berdi. Şeýdip, adamlar Hudaýyň adamynyň süňkleri bilen Samariýadan gelen pygamberiň süňklerine el degirmediler.


«Eý, ynsan ogly! Pygamberlik edýän Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et. Öz-özlerinden pygamberlik edýän ol pygamberlere Rebbiň sözüni diňlemegi tabşyr.


Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi.


Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler.


Sebäbi öz öýüni dolandyryp bilmeýän adam, heý-de Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny edip bilermi?!


Emma onuň günäsi paş boldy. Dilsiz-agyzsyz eşek ynsan dilinde gepläp, pygamberiň tentekligine böwet boldy.


Ony öňden tanaýanlar bu ýagdaýy görüp: «Bu Kişiň ogluna näme bolup ýörkä? Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýişdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ