Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 13:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Яробгам гурбанлык сыпасының янында якымлы ыслы түтетги якҗак болуп дурка, Реббиң табшырыгы боюнча Худайың адамы Яхудадан Бейтеле гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 13:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi aýan boldy:


Hudaýyň adamyny ýoldan yzyna öwren bu pygamber bolan wakany eşideninde: «Ol Rebbiň sözüne gulak asmadyk Hudaýyň adamydyr; Reb aýdan sözüne görä, ony arslana berip, arslan hem ony parçalap öldüren bolmaly» diýdi.


Hudaýyň adamynyň Rebbiň tabşyrygy boýunça görkezen alamatyna görä, gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrady.


Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“ diýip tabşyrdy» diýip jogap berdi.


Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.


Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.


Onsoň Ýoşyýa patyşa gala adamlaryndan: «Meniň bu görýän heýkelim näme?» diýip sorady. Olar oňa: «Bu Ýahudadan gelen hem-de seniň Beýteldäki gurbanlyk sypasynyň garşysyna eden işleriň barada pygamberlik eden Hudaýyň adamynyň gabrydyr» diýip jogap berdiler.


Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Hudaýymyz Rebden hormat getirmez».


Süleýmanyň galan ähli işleri – owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr.


Onsoň Iýerusalimiň we Ýahuda şäherleriniň ilaty gidip, özleriniň sadaka beren hudaýlaryna dady-perýat ederler, emma betbagtlyk gelende, bu hudaýlar olary asla halas etmez.


«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz.


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr».


Indi bolsa Rebbiň sözüne gulak goý. Sen maňa: „Ysraýylyň garşysyna pygamberlik etme, Yshagyň kowumyna garşy wagyz etme“ diýýärsiň.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz – diriler, Reb gaýdyp gelende, Onuň bilen merhumlardan öň duşuşmarys.


Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.


Bir gün bir pygamber Eliýä şeýle habar getirdi: «Hawa, Reb saňa şeýle diýýär: „Ata-babaň Harun we onuň maşgalasy Müsürde faraonyň gullary bolan wagtlary, Men Haruna Özümiň gudratymy görkezipdim.


Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ