Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 12:16 - Mukaddes Kitap

16 Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Патышаның өзлерини диңлемеҗегини билен ысрайыл халкы оңа: «Бизиң Давут билен нәме шәриклигимиз бар? Йышайың оглунда мирасымыз ёкдур. Эй, ысрайыллар, өйли-өйүңизе гайдың! Эй, Давудың несли, сен өз өйүңе серет!» Шейдип, ысрайыллар өз өйлерине доландылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 12:16
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir çapar gelip: «Ysraýyllaryň ýüregi Abşaloma baglanypdyr» diýip, Dawuda habar berdi.


Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin.


Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin».


Muňa garamazdan, Men bütin patyşalygy onuň elinden almaryn. Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý eden, Öz saýlan gulum Dawudyň hatyrasy üçin, Men Süleýmany ömrüniň ahyryna çenli patyşa ederin.


Emma patyşalygy Dawudyň oglunyň elinden alyp, ony on tire bilen saňa bererin.


Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin.


Süleýmanyň günäleri üçin Men Dawudyň nesillerine jeza bererin, ýöne bu hemişelik bolmaz“».


Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».


Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, her kes öýli-öýüne gaýtsyn! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» diýdi. Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.


Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».


Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.


onda tagtynda patyşalyk etjek ogly bolmasyn diýip, gulum Dawut bilen we Maňa hyzmat eden lewi ruhanylarym bilen eden ähtimi-de bozup bolar.


«Eý, ynsan ogly, özüňe bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýahuda üçin we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin“ diýip ýaz. Ýene bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy“ diýip ýaz.


Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».


Petrus Oňa: «Ýok, men Saňa aýagymy asla ýuwdurmaryn!» diýdi. Emma Isa oňa: «Eger ýuwmasam, onda Meniň bilen şärikligiň bolmaz» diýip jogap berdi.


Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gidegonyň) öýüne wepaly bolmadylar.


Gagal şonda: «Biz Abymelege gulluk eder ýaly, Abymelek kim? Biz nähili adam ekenik? Onuň atasy Ýerubagal dälmi? Onuň ýolbaşçysy Zebul dälmi? Gowusy, şekemlileriň atasy Hamoryň kowumlaryna gulluk ediň, Abymelege gulluk etmek nämä gerek?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ