Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 12:13 - Mukaddes Kitap

13 Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Патыша халка рехимсизлик билен җогап берди. Ол яшулуларың өзүне берен маслахатыны рет этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 12:13
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Seraýa: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Seraý Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.


«Ol ýeriniň häkimi biz bilen hyrsyz gepleşdi, ol bizi içaly hasap etdi.


Ýusup doganlaryny görenden tanady, ýöne tanamadyksyran boldy. Ol: «Nireden geldiňiz?» diýip, olar bilen haýbatly gepleşdi. Olar: «Biz Kengandan azyk satyn almaga geldik» diýdiler.


Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.


Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýşi ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.


Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».


Soňra faraon Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi.


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Dogrularyň agzy ýaşaýyş bulagydyr, erbetleriň agzy zorlugy örtýändir.


Dogruçylyň agzy mynasyp sözi bilýär, erbediň agzyndan egrilik çykýar.


Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.


Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.


Garyp ýalbaryp gepleýändir, baý bolsa gödek jogap berýändir.


Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.


Onuň akylly ýa-da akylsyz boljakdygyny kim bilýär? Muňa garamazdan, olar Günüň astynda paýhas bilen çeken bütin zähmetime eýelik ederler. Bu-da biderek.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Soňra Dawut: «Eger kakaň gazaba münäýse, kim ony maňa habar berer?» diýip, Ýonatandan sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ