Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Какам сизе агыр зулум эден болса, мен сизе эдилен зулумы хас-да артдырарын; какам сизи чырпы билен җезаландыран болса, мен сизи гамчы билен җезаландырарын дий» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 12:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.


Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýşi ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.


Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».


Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.


Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki mukdarda öndürersiňiz» diýdi.


Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe!


Meniň saýlaýan agyz beklemäm adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak, boýuntyryk ýüplerini çözmek, ezilenleri azat etmek, her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?


Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“».


Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.


Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ