Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Соңра Сүлейман Иерусалимиң гүндогарындакы дагда Мовабың неҗис буты Кемош ве аммонларың худайы Молек үчин сеждегәх гурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 11:7
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gyrnaklaryny öz çagalary bilen bile öňde, Leýany öz çagalary bilen bile olaryň yzyndan, Rahel bilen Ýusuby bolsa hemmesiniň yzyndan goýdy.


Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma sežde etdi.


Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady.


Ol şeýle hem öz hudaýlaryna ýakymly ysly tütetgi ýakyp, olara gurbanlyk berer ýaly, ähli keseki aýallary üçin hem seždegähler gurdy.


Asa seždegähleriň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi.


Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Mundan başga-da, Ýehoram Ýahuda daglygyndaky butlara seždegähleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy.


Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok.


Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty, olaryň patyşalary, han-begleri, ruhanylary, pygamberleri, ýagny ysraýyl we ýahuda halklarynyň bary diňe pislik edip, Meniň gaharymy getirdi. Bu şäheriň bina edilen gününden tä şu güne çenli Meniň gaharymy getirendigi üçin, ony nazarymdan ýok edip taşlajak.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar.


Dat günüňe, eý, Mowap! Kemoş halky ýok edildi, ogullaryň sürgün edildi, gyzlaryň ýesir alyndy.


Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samariýa dälmi? Ýahudanyň butlara seždegähi nirede? Iýerusalimde dälmi?


Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.


Waý, saňa, eý, Mowap! Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş halky! Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi, gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.


ýurduň ilatynyň hemmesini kowup çykarsynlar. Olaryň ähli daş we guýma butlaryny döwsünler, seždegählerini ýok etsinler.


Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.


Mundan soňra resullar Zeýtun dagyndan Iýerusalime gaýdyp geldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir Sabat günlük ýoldy.


Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi.


Ýok, Molek hudaýyňyzyň çadyryny, Repa hudaýyňyzyň ýyldyzyny, sežde etmek üçin öz ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz, Şonuň üçin sizi Babylyň aňyrsyna sürgün ederin“.


yzarlap derňäň we gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, bu nejis iş araňyzda edilen bolsa,


„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ