Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 11:31 - Mukaddes Kitap

31-33 Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31-33 Соңра Яробгама шейле дийди: «Он бөлегини өзүң үчин ал, чүнки Ысрайыл Худайы Реб шейле диййәр: „Мен патышалыгы хөкман Сүлейманың элинден алып, он тирәни саңа берерин, йөне гулум Давудың хатырасы үчин хем-де Ысрайылың бүтин тирелеринден сайлап алан шәхерим Иерусалимиң хатырасы үчин диңе бир тире Сүлейманыңкы болар. Чүнки ол Мени терк эдип, сидонлыларың худайы Ашторета, Мовабың худайы Кемоша, аммонларың худайы Милкома сежде этди. Сүлейман какасы Давудың ызыны тутмады. Ол Мениң назарымда нәхак ишлери эдип, парзларымы, хөкүмлерими берҗай этмеди, ёлларымдан йөремеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 11:31
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.


Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy.


Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobgamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy.


Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň nazarymda dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň.


Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi.


Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.


Şamuwel gitmekçi bolup öwrülende, Şawul onuň donunyň synyndan ýapyşdy, don ýyrtyldy.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ