Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 11:24 - Mukaddes Kitap

24 Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Давут собалылары өлдүренде, Резон янына адам йыгнап, бир лешгере баш болды. Олар Дамаска барып, шол ерде месген тутдулар, онуң адамлары Резоны Дамаскда патыша этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 11:24
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.


Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol siriýalylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobak şol ýerde jan berdi.


Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen siriýalylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.


Hadadyň ýamanlyk edişi ýaly, Süleýmanyň bütin ömrüne Rezon Ysraýyla duşman bolup, Ysraýyly ýigrendi hem-de Siriýa hökmürowanlyk etdi.


Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.


Onsoň Reb Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Bar, çöl ýoly bilen yzyňa git-de, Damaska sowul. Ol ýere bar-da, Hazaýylyň başyna ýag guýup, ony Siriýanyň üstünden patyşalyga saýla.


Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.


Ýarobgamyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi, nähili söweşeni we onuň öň Ýahuda degişli bolan Damasky we Hamaty Ysraýyla gaýtaryp berşi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Siriýa patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ