Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 11:2 - Mukaddes Kitap

2 Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Реб ысрайыл огулларына: «Сиз кесеки миллетлерден гыз алшып-беришмәң, чүнки олар хөкман сизи өз худайларына сежде этдирерлер» дийип айдан миллетлериндендилер. Эмма Сүлейман муңа гарамаздан шу аяллара өйленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 11:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar.


Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy.


Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren Ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderipdi.


Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.


Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Şonuň üçin ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmäň. Hiç haçan olaryň salamatlygyny we abadanlygyny agtarmaň. Şonda siz güýçlenip, ol ýeriň näz-nygmatlaryndan iýip, ony nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer.


Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.


Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.


Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ