Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 11:18 - Mukaddes Kitap

18 Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy faraonyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Олар Мидяндан чыкып, Парана гелдилер, Парандан хем янларына бирнәче адам алып, Мүсүре, Мүсүр патышасы фараоның янына бардылар. Патыша Хадада яшамага җай ве меллек ер берип, оны азык билен үпҗүн этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 11:18
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.


Ketura Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi.


Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.


Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy.


Hadat faraonyň mährini gazandy; ol öz aýalynyň gyz doganyny, ýagny melike Tahpeneýsiň gyz doganyny Hadada aýallyga berdi.


Faraon bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy. Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy.


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.


Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwudyşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwudar». Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy.


Midýan aýaly bilen birlikde öldürilen ysraýyllynyň ady Saluwyň ogly Zimridi. Ol şimgon tire baştutanlarynyň biridi.


Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi».


Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.


Ine, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky Araba düzlüginde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar.


Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ