Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma seniň kakaň Dawudyň hatyrasy üçin Men muny seniň günleriňde etmerin; patyşalygy seniň ogluňyň elinden alaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма сениң какаң Давудың хатырасы үчин Мен муны сениң гүнлериңде этмерин; патышалыгы сениң оглуңың элинден аларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 11:12
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.


Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin.


Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin».


Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi.


Muňa garamazdan, Men bütin patyşalygy onuň elinden almaryn. Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý eden, Öz saýlan gulum Dawudyň hatyrasy üçin, Men Süleýmany ömrüniň ahyryna çenli patyşa ederin.


Emma patyşalygy Dawudyň oglunyň elinden alyp, ony on tire bilen saňa bererin.


«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.


Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ