Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 11:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шонуң үчин хем Реб Сүлеймана шейле дийди: «Сениң Мениң билен эден әхтиңи билгешлейин бозуп, Мениң саңа табшыран парзларымы сакламандыгың үчин, Мен патышалыгы хөкман сениң элиңден алып, оны көшк эмелдарларыңың бирине берерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 11:11
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma seniň kakaň Dawudyň hatyrasy üçin Men muny seniň günleriňde etmerin; patyşalygy seniň ogluňyň elinden alaryn.


Süleýmanyň emeldarlarynyň biri bolan Seredadan efraýymly Nebadyň ogly Ýarobgam patyşa garşy çykdy. Onuň ejesi Seruga atly bir dul hatyndy.


Bir gün Ýarobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda oňa şiloly Ahyýa pygamber gabat geldi. Ahyýa täze eşikler geýipdi. Çola ýerde olaryň ikisinden başga adam ýokdy.


Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi.


Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady.


Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.


Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi.


«Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.


atalaryna wada beren ýurduma girmez. Meni äsgermedikleriň ýekejesi-de bu ýurdy görmez.


Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ