Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 10:9 - Mukaddes Kitap

9 Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Сенден хошал болуп, сени ысрайыл тагтында отурдан Худайың Реббе алкыш болсун! Реб Ысрайылы эбедилик сөенсоң, адалаты ве хакыкаты берҗай этмегиң үчин сени патыша этди».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 10:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,


Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň tutuş Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna öz patyşalygyny beýgeldendigine düşündi.


Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.


Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Hiram Süleýmanyň sözlerini eşidende, gaty şatlanyp: «Bu uly halkyň üstünden patyşalyk eder ýaly, Dawuda şeýle akyl-paýhasly ogul beren Rebbe bu gün alkyş bolsun» diýdi.


Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň; Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň.


Onsoň Sur patyşasy Huram Süleýmana hat üsti bilen jogap gaýtardy: «Reb Öz halkyny söýensoň, seni olaryň üstünden patyşa goýdy».


Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym, tas taýypdy meniň gadamlarym.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.


Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym,


Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ