Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 10:25 - Mukaddes Kitap

25 Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Сүлейманың янына гелен хер кес йылың-йылына күмүшдир алтын энҗамлардан, эгин-эшиклерден, яраглардан, атырлардан, атлардыр гатырлардан ыбарат болан совгатларыны гетирйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 10:25
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (ol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapdy).


Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togy öz ogly Ýoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togy bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Ýoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.


Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň.


Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.


Onsoň Ahap Abadýa şeýle diýdi: «Sen git-de, ýurduň bütin çeşmelerine, bütin ýaplaryna aýlan, belki, ot tapyp, atlary, gatyrlary we mal-garany horlamarys».


Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.


Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy.


Ammonlylar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady.


Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, hoşboý ysly zatlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.


Olaryň ýedi ýüz otuz alty aty, iki ýüz kyrk bäş gatyry, dört ýüz otuz bäş düýesi, alty müň ýedi ýüz ýigrimi eşegi bardy.


Mordekaý ony Kserks patyşanyň adyndan ýazyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhür basyp, hatlary patyşa üçin ýörite seýislenen, onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanan çaparlardan ýollady.


Şeýdip, çaparlar patyşanyň buýrugy bilen onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanyp, atlaryny ýüzin salyp, gyssagly gitdiler. Bu perman Suza galasynda çykaryldy.


Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.


Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


«Men hem şolar ýaly gürlejek» diýen bolsadym, onda Hudaýyň halkynyň öňünde dönük bolardym.


Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


Togarma halky seniň harytlaryňyň deregine ýabylary, uruş atlaryny we gatyrlary bererdi.


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ