Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 10:24 - Mukaddes Kitap

24 Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Худайың Сүлейманың йүрегине салан пайхасыны эшитмек үчин бүтин дүнйә онуң дидарына зарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 10:24
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi.


Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»


Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».


Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ