Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 10:2 - Mukaddes Kitap

2 Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шеба меликеси уммасыз байлык, хошбой ыслы затлар, көп мукдардакы алтын ве гымматбаха дашлар йүкленен дүелер билен Иерусалиме гелди. Ол Сүлейманың янына гелип, йүрегине дүвен әхли соваллары сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 10:2
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.


Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.


Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady.


Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini diňläp, olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.


Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi. Nagaman on ýedi batman kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi.


Şeýdip, Nagaman atlary we söweş arabalary bilen gelip, Elýaşanyň öýüniň işiginde durdy.


«Seniň bilen sözleşmäge synanyşsak, saňa agyr degmezmi? Geplemekden saklanyp bilýän barmy näme?


Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Şebanyň we Ragamanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler.


Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi.


Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ