Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 1:53 - Mukaddes Kitap

53 Şeýdip, Süleýman patyşa onuň yzyndan adam iberip, ony gurbanlyk sypasyndan getirtdi. Ol gelip, Süleýman patyşa tagzym etdi. Süleýman hem oňa: «Bar, öýüňe gaýt» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

53 Шейдип, Сүлейман патыша онуң ызындан адам иберип, оны гурбанлык сыпасындан гетиртди. Ол гелип, Сүлейман патыша тагзым этди. Сүлейман хем оңа: «Бар, өйүңе гайт» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 1:53
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.


Patyşa: «Goý, ol öz öýüne gitsin, meniň gözüme görünmesin» diýdi. Şeýdip, Abşalom patyşanyň gözüne görünmän, öz öýüne gitdi.


Abşalom Iýerusalimde iki ýyl ýaşady, ýöne şu döwrüň içinde ol ýeke gezegem patyşanyň gözüne görünmedi.


Şondan soň Ýowap patyşanyň ýanyna gidip, Abşalomyň sözlerini oňa ýetirdi. Patyşa Abşalomy çagyrdy. Ol patyşanyň huzuryna gelip, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi. Patyşa Abşalomy ogşady.


Batşeba patyşanyň öňünde dyza çöküp tagzym etdi. Patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady.


Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.


Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler».


Dawut ölmeziniň öň ýanynda ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, oňa şeýle wesýet etdi:


Soňra patyşa adam ýollap, Şimgini çagyrdyp, oňa şeýle diýdi: «Iýerusalimden özüňe bir jaý sal-da, şol ýerde ýaşa, başga hiç ýere gitme.


Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ