Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 1:34 - Mukaddes Kitap

34 Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Садок руханы билен Натан пыгамбер шол ерде онуң башына яг гуюп, оны Ысрайылың үстүнден патышалыга беллесинлер; онсоң сурнай чалың-да: „Яшасын Сүлейман патыша!“ дийип гыгырың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 1:34
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ol: «Şahdan edilen surnaý sesini eşiden badyňyza: „Abşalom Hebronda patyşa boldy!“ diýip yglan edersiňiz» diýen habar bilen Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyna gizlin çaparlar ýollady.


Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,


Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Siz onuň yzy bilen gelersiňiz, ol gelsin-de, meniň tagtymda otursyn we meniň ýerime patyşa bolsun. Çünki men ony Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşasy edip belledim» diýdi.


Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwyň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşanyň başyna ýag guýup, ony öz ornuňa pygamberlige saýla.


Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.


Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşasyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.


Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diý: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».


Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.


Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Ýyşaýy gurbanlyga çagyr. Meniň üçin onuň haýsy oglunyň başyna ýag guýmalydygyňy soň Özüm saňa görkezerin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ