Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 1:31 - Mukaddes Kitap

31 Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Онсоң Батшеба йүзүни ере берип, оңа тагзым этди ве: «Гой, җенабым Давут патышаның өмри узак болсун!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 1:31
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»


Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady.


Müneçjimler arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.


Olar Nebukadnesar patyşa şeýle diýdiler: «Patyşa baky ýaşasyn!


Patyşanyň hem-de onuň töreleriniň sesini eşidip, patyşanyň ejesi meýlishana geldi. Patyşanyň ejesi şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! Pikirleriň seni howsala salmasyn, ýüzüňiň reňki solmasyn.


Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn!


Onsoň ol wezirler, häkimler dil düwşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Darýuş patyşa baky ýaşasyn!


Ahyrsoňunda üzümçiligiň eýesi: „Oglumy sylarlar“ diýip, öz ogluny iberýär.


Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.


Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?


Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady.


Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ