Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 1:25 - Mukaddes Kitap

25 Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Адоныя бу гүн гидип, биртопар семиз өкүзчелери ве маллары, гоюнлары гурбанлык берип, патышаның огулларының барыны, гошун серкерделерини ве Абятар руханыны чагырды. Олар Адоныя билен биле ийип-ичип: „Яшасын Адоныя патыша!“ диййәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 1:25
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň dosty ark urugyndan bolan Huşaý Abşalomyň ýanyna baryp: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.


Ol birtopar semiz öküzçeleri, mallary hem-de goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ähli ogullaryny, Abýatar ruhanyny, goşun serkerdesi Ýowaby çagyrdy, ýöne ol guluň Süleýmany çagyrmady.


Natan oňa şeýle diýdi: «Eý, jenabym, sen: „Menden soň Adonyýa patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip aýtdyňmy näme?


Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.


Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Adonyýa Eýnrogeliň golaýyndaky Ýylan gaýanyň ýanynda goýunlary, semiz öküzçeleri we mallary gurbanlyk berip, ähli doganlaryny, patyşanyň ogullaryny, Ýahudanyň ähli köşk emeldarlaryny çagyrdy.


Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi.


Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.


Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşasyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.


Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys.


Ertesi gün olar Rebbe müň öküz, müň goç, müň guzy, içgi sadakalaryny hem-de tutuş Ysraýyl üçin ençeme sadakalar berdiler.


Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär.


Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler.


Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ