Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Şonda onuň köşk emeldarlary oňa: «Siziň alyhezretiňiz, siziň üçin bir ýaş boý gyz gözlesinler; ol gyz patyşanyň huzurynda durup, oňa hyzmat etsin, jenabym patyşa golaý ýatyp, ony gyzdyrsyn» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шонда онуң көшк эмелдарлары оңа: «Сизиң алыхезретиңиз, сизиң үчин бир яш бой гыз гөзлесинлер; ол гыз патышаның хузурында дуруп, оңа хызмат этсин, җенабым патыша голай ятып, оны гыздырсын» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 1:2
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seraý Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.


Garybyň bolsa bar baýlygy ýeke-täk guzujygy eken. Ol ony satyn alyp, öz ýanynda çagalary bilen bile ulaldypdyr. Ol öz eýesi bilen bir tabakdan iýip, bir käseden suw içipdir. Garyp ony öz gujagynda ýatyrýan eken. Ol oňa edil öz gyzy ýaly seredipdir.


Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy.


Şeýdip, olar tutuş Ysraýylda görmegeý, boý gyzyň gözlegine çykdylar we şunemli Abyşag atly bir gyzy tapyp, ony patyşanyň huzuryna getirdiler.


Ogullarym, siz geleňsizlik etmäň, çünki Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin, Öz hyzmatkärleri bolup, ýakymly ysly tütetgi ýakmagyňyz üçin sizi saýlady».


Onsoň patyşanyň emeldarlary oňa şeýle teklip etdiler: «Goý, patyşa üçin görmegeý, ýaş, boý gyzlary tapsynlar.


Iki kişi bile ýatsa, ýylnarlar; emma ýeke kişi nähili ýylnyp biler?


Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol.


Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.


Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ