Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Sen dessine Dawut patyşanyň ýanyna git-de, ondan: „Eý, jenabym, sen menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar diýip, maňa ant içmediňmi näme? Onda näme üçin häzir Adonyýa patyşalyk edýär?“ diýip soragyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Сен дессине Давут патышаның янына гит-де, ондан: „Эй, җенабым, сен менден соң сениң оглуң Сүлейман патышалык эдер, ол мениң тагтымда отурар дийип, маңа ант ичмедиңми нәме? Онда нәме үчин хәзир Адоныя патышалык эдйәр?“ дийип сорагын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 1:13
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Natan pygamber Süleýmanyň ejesi Batşeba şeýle diýdi: «Sen Hagytyň ogly Adonyýanyň patyşa bolandygyny we jenabymyz Dawudyň mundan habarynyň ýokdugyny eşitmediňmi?


Onsoň sen şol ýerde patyşa bilen gepleşip durkaň, men seniň yzyňdan girip, seniň aýdanlaryňy tassyklaryn».


Batşeba oňa: «Eý, meniň jenabym: „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, maňa Hudaýyň Rebden ant içipdiň.


Natan oňa şeýle diýdi: «Eý, jenabym, sen: „Menden soň Adonyýa patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip aýtdyňmy näme?


„Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, Ysraýyl Hudaýy Rebden içen antymy bu gün hökman berjaý ederin».


Siz onuň yzy bilen gelersiňiz, ol gelsin-de, meniň tagtymda otursyn we meniň ýerime patyşa bolsun. Çünki men ony Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşasy edip belledim» diýdi.


Patyşa dowam edip, şeýle dileg etdi: „Şu gün gözümiň açyklygynda meniň perzentlerimiň birine tagtymy beren, Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun“».


Şeýdip, Süleýman kakasy Dawudyň tagtyna çykdy; onuň patyşalygy gaty mäkäm boldy.


Ol maňa köp ogul berdi; menden soň Rebbiň patyşalygyny dolandyryp, Ysraýyla patyşa etmek üçin, Ol köp ogullarymyň arasyndan Süleýmany saýlap-seçdi.


Kakasy Dawudyň patyşalygyny miras alyp, Süleýman Rebbiň beren tagtynda oturdy. Onuň işi rowaç aldy, tutuş Ysraýyl oňa eýerdi.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


onda tagtynda patyşalyk etjek ogly bolmasyn diýip, gulum Dawut bilen we Maňa hyzmat eden lewi ruhanylarym bilen eden ähtimi-de bozup bolar.


Ol şalyk tagtynda oturanda, lewi ruhanylarynda saklanýan Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ