Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Indi men saňa ogluň Süleýman ikiňiziň öz janyňyzy halas etmegiňiz üçin bir maslahat bereýin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Инди мен саңа оглуң Сүлейман икиңизиң өз җаныңызы халас этмегиңиз үчин бир маслахат берейин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 1:12
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.


Sen dessine Dawut patyşanyň ýanyna git-de, ondan: „Eý, jenabym, sen menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar diýip, maňa ant içmediňmi näme? Onda näme üçin häzir Adonyýa patyşalyk edýär?“ diýip soragyn.


Ýogsam jenabym dünýäden ötenden soň, men we oglum Süleýman etmişli saýylarys» diýdi.


Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa oglunyň öldürilendigini eşiden badyna, Ahazýa patyşanyň tohum-tijiniň baryny öldürtdi.


Ýehoram kakasynyň tagtyna çykyp, patyşalygyny berkidensoň, ol ähli inilerini hem-de Ysraýylyň käbir baştutanlaryny gylyçdan geçirdi.


Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi.


Maslahatsyz millet heläk bolýandyr, maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.


Maslahat bolmasa maksatlar puçdur, maslahatçy köp bolanda myrat hasyl bolýar.


Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.


Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr, ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.


Ýermeýa Sidkiýa: «Eger saňa aýtsam, meni öldürersiň. Eger-de saňa maslahat bersem, meni diňlemersiň» diýdi.


Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldürip, mirasyny elinden alalyň“ diýişýärler.


Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi.


Abymelek Opra galasyna öz atasynyň öýüne geldi we Ýerubagalyň ýetmiş ogluny, ýagny öz doganlaryny bir daşyň üstünde öldürdi. Diňe Ýerubagalyň iň kiçi ogly Ýotam gaçyp gizlenip, diri galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ