Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Иманлы болса, аялымызы янымыз билен әкитмәге хакымыз ёкмы? Петрус ве бейлеки ресуллар, Реббимиз Исаның инилери хем хут шейле эдйәр ахыры.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:5
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, ezizim, gelinligim, sen bir gapysy ýapyk bagsyň, agzy ýapyk guýusyň, möhürlenen çeşmesiň.


Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!


Isa Petrusyň öýüne geldi. Ol Petrusyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatanyny gördi.


Simunyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatandygyny Isa habar berdiler.


Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.


Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler.


Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär).


Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Kenhreýadaky ýygnagyň hyzmatçysy aýal doganymyz Fibini size tabşyrýaryn.


Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz.


Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir.


Aýal äri ölýänçä, oňa baglydyr. Äri ölse, öz islänine barmaga ygtyýarlydyr. Ýöne onuň barjagy Rebbe iman edýän bolmalydyr.


Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir.


Emma dul galan erkeklere we aýallara şeýle diýýärin: olara men ýaly öýlenmezlik ýagşydyr.


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn.


garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara öz aýal doganlaryň ýaly garap, olara päk ýürekden öwüt-ündew ber.


Ýygnaga ýolbaşçy belleniljek adam müýnsüz we aýalyna biwepalyk etmeýän bolmalydyr. Onuň çagalary hem iman edýän, azgynlykda, bitabynlykda aýyplanmaýan bolmalydyr.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ