Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:26 - Mukaddes Kitap

26 Şoňa görä-de, men maksatsyz ylgaýanlar ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan kişi ýaly hereket etmeýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Шоңа гөрә-де, мен максатсыз ылгаянлар ялы ылгамаярын, хованы юмруклаян киши ялы херекет этмейәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:26
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar.


«Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar.


Siz babatda hem şeýledir. Eger-de siz dil arkaly aýdýanlaryňyz aýdyň bolmasa, size kim düşüner? Bu diňe howaýy gürrüň eden ýalydyr.


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris.


Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesihdir, ölüm-de bähbitlidir.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Şunuň ýaly, ýaryşa gatnaşýan pälwan hem ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz.


Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


Reb muny Ysraýylyň her bir nesline söweşmegi öwretmek üçin, esasan hem öň hiç haçan urşup görmedik, urşa hiç hili tejribesi ýok soňky nesil üçin etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ