Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:24 - Mukaddes Kitap

24 Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ярыша гатнашян йүврүклериң хеммеси ылгаса-да, байрагы диңе бири аляндыр. Сиз-де байрак алар ялы шейле ылгаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:24
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.


Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.


Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň, onda atlylar bilen nädip ýaryşjak? Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň, onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?


Men pygamberlere gepledim, Men köp aýanlyk gönderdim. Pygamberleriň üsti bilen tymsallar berdim».


Eýsem siz özüňizi kimiň tabynlygyna tabşyrsaňyz, şonuň-da guluna öwrülýändigiňizi bilmeýäňizmi näme? Siz nämäniň guly: ölüme eltýän günäniň gulumy ýa-da dogrulyga eltýän tabynlygyň guly?


Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.


Men bularyň baryny Hoş Habaryň ak patalaryna şärik bolup bilerim ýaly, Hoş Habaryň hatyrasyna edýärin.


Şoňa görä-de, men maksatsyz ylgaýanlar ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan kişi ýaly hereket etmeýärin.


Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.


Siz şeýle oňat gadam urýardyňyz ahyryn. Sizi hakykata ynandyrmajak bolup, kim siziň gadamyňyza badak saldy?


Ýaşaýyş berýän Hoş Habary gaýym tutuň. Şonda men biderek ýere yhlas etmändigim, azabymyň puja çykmandygy babatda Mesihiň geljek gününde magtanyp bilerin.


Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.


Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.


Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ