Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:23 - Mukaddes Kitap

23 Men bularyň baryny Hoş Habaryň ak patalaryna şärik bolup bilerim ýaly, Hoş Habaryň hatyrasyna edýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Мен буларың барыны Хош Хабарың ак паталарына шәрик болуп билерим ялы, Хош Хабарың хатырасына эдйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:23
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder.


Hawa, bagyň käbir şahalary döwlüp, ýabany zeýtunyň şahasy bolan siz oňa sapyldyňyz. Siz idedilip ýetişdirilen zeýtunyň köküniň şiresine şärik bolduňyz.


Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.


Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum.


Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň.


Men şol haty paralanan ýürekden muşakgat içinde ýazypdym. Ýöne meniň niýetim sizi gynandyrmak däl-de, size bolan çäksiz söýgimi görkezmekdi.


Emma Hoş Habaryň hakykaty siziň bilen galsyn diýip, biz bu dogansumaklara bir pursat-da eglişik etmedik.


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


Janypkeş daýhan hem öz hasyl paýyny ilkinji bolup almalydyr.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ