Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Eger men muny özüm saýlan bolsadym, onda sylaga tamakin bolardym. Emma muny maňa Hudaý buýurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эгер мен муны өзүм сайлан болсадым, онда сылага тамакин болардым. Эмма муны маңа Худай буюрды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:17
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.


Hünärmentleriň etjek her işi üçin, altyn zatlar üçin altyn, kümüş zatlar üçin kümüş berýärin. Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?»


Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.


Halk Iýerusalimde ýaşamaga meýletin isleg bildirenleriň hemmesine ak pata berdi.


Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýafo şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, gämiçiler bilen bile gämä mündi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


Kim birini pygamberdigi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar.


Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Orakçy hem hakyny alýar, hem-de baky ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Şeýdip, ekýän-de, orýan-da bilelikde şatlanýar.


Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar.


Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar.


Adamlar bize, goý, Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlaryny aýan edýän hyzmatçylar hökmünde garasynlar.


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Ýygnagyň ýolbaşçylary Hoş Habary ýahudylara wagyz etmekligiň Petrusa berlişi ýaly, maňa-da ýahudy dällere wagyz etmekligiň berlendigini gördüler.


Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr.


Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.


Ýöne etjek ýagşylygyň mejbury däl-de, meýletin bolar ýaly, senden birugsat hiç zat edesim gelmedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ