Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:16 - Mukaddes Kitap

16 Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мен Хош Хабары вагыз эдйәним билен магтанмага хаклыдырын өйдемок: муны этмек борҗумдыр. Эгер мен Хош Хабары вагыз этмесем, вай, мениң халыма!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn.


Ýa Reb, Sen meni aldadyň, men-de aldandym. Sen menden güýçlüsiň, Sen meni ýeňdiň. Bütin gün men boldum gülki, ýaňsylaýar her kim meni.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi.


Bäş çuwal alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişip, ýene bäş çuwal pul gazanýar.


Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.


Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Men medeniýetli ýa-da medeniýetsiz, sowatly ýa-da sowatsyz adamlara, garaz, hemmelere Hoş Habary wagyz etmäge borçludyryn.


Şoňa görä, buýsanaýsam-da, diňe Isa Mesih arkaly Hudaýa hyzmat edýändigime buýsanaryn.


Eger Ybraýym Hudaýyň nazarynda ýagşy işleri arkaly aklanan bolsa, onda, dogrudan-da, öwnüp bilerdi, emma Hudaýyň öňünde däl.


Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.


Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.


Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr.


Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy.


Arhipa: «Rebbiň tabşyran hyzmatyny ahyryna çenli doly bitirjekdigiňe ynamly bol» diýip aýdyň.


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ