Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:15 - Mukaddes Kitap

15 Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Йөне мен бу хак-хукукларымың биринден-де пейдаланан дәлдирин. Мен муны язмак билен сизден хак-хукугымы талап этмекчи боламок. Мениң бу магтанмамы, гой, хич ким пуҗа чыкармасын. Шейле боланындан, өленим говудыр!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:15
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň üçin boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbüne zyňylmagy has gowy bolar.


Olar hem Pawlus ýaly çadyr tikmek bilen meşgullanýardylar, şonuň üçin Pawlus olar bilen ýaşap, bile işledi.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim.


Siz meniň özümiň we ýoldaşlarymyň mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin, ellerim bilen zähmet çekendigimi bilýänsiňiz.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


Biz gara der döküp, zähmet çekýäris. Bize garganlarynda, olara ýagşylyk dileýäris. Bizi yzarlanlarynda, muňa çydaýarys.


Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.


Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.


Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.


hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ