Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 9:12 - Mukaddes Kitap

12 Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эгер башгалар сизден мадды көмеги алмага хаклы болса, онда биз олардан-да көп хаклыдырыс! Йөне биз бу хакымыздан пейдаланмадык. Терсине, Месихиң Хош Хабарының яйрамагына пәсгел бермеҗек болуп, әхли зада чыдаярыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 9:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýymyň hyzmatkäri bulara: «Reb meniň işimi oň etdi. Siz meni eglemäň; maňa rugsat beriň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi.


Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler.


Waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlere hem böwet bolduňyz».


Olar hem Pawlus ýaly çadyr tikmek bilen meşgullanýardylar, şonuň üçin Pawlus olar bilen ýaşap, bile işledi.


Ençeme gezek synanyşandygyma garamazdan, hut şu hyzmatym sebäpli siziň ýanyňyza köpden bäri baryp-da bilmedim.


Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr.


Aslynda biri-biriňiz bilen kazyýetde dawalaşmagyň özi siziň eýýäm ýeňlendigiňizi habar berýär. Eýsem haksyzlyga çydanyňyz gowy dälmi? Talaňa çydanyňyz gowy dälmi?


Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr.


Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr!


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.


Başgalar meni resul hasaplamasalar-da, men siziň üçin resuldyryn! Çünki siz Reb ýolundaky resullygymyň möhürisiňiz.


Men mundan beýläk-de häzirki edýänlerimi dowam ederin. Sebäbi men özlerini biz bilen des-deň işleýändir öýdüp, magtanmaga pursat agtarýanlara tutaryk bermerin.


Hawa, siz gul edilýändigiňize, hakyňyzyň iýilýändigine, özüňize zulum edilýändigiňize, tekepbirlere, şapbatlara şeýle çydamly ahyryn!


Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy.


Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ