Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 8:9 - Mukaddes Kitap

9 Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Өз азатлыгыңыза сересаплы чемелешиң. Сизиң азатлыгыңыз ынсабы эҗиз болан доганларың бүдремегине себәп болмасын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 8:9
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara.


Ol diýer: «Topragy tekizläp, ýol taýynlaň, halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».


«Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy?


Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär.


Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Men Rebdirin.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Biz, imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de, gaýtam, imany gowşaklaryň ejizliklerine geçirimli bolmalydyrys.


Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn.


Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň.


Men siziň ynsabyňyz däl-de, şol adamyň ynsaby barada aýdýaryn. Näme üçin başganyň ynsaby meniň erkinligime kazylyk edýär?


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Çünki olardan biri seni, ýagny bilimi bolany, buthanada saçak başynda görmegi ahmal. Şonda onuň ynsaby ejizläp, buta berlen gurbanlygy iýmäge ymtylmazmy?


Siz öz doganlaryňyzyň ejiz ynsabyny ýaralamak bilen, olara garşy günä edeniňizde, Isa Mesihe garşy günä edýänsiňiz.


Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum.


Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik! Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin.


Kimdir biri ejizlände, men hem ejizlemeýärinmi? Kimdir biri günä iteklenende, ýürek-bagrym köýmeýärmi?


Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok.


Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


Azat adam ýaly ýaşaň, emma öz azatlygyňyzy erbetlik etmek üçin ulanmaň. Hudaýyň gullary dek ýaşaň.


Özleri azgynlygyň guly bolubam, olara erkinligi wada berýärler, sebäbi adam nämeden ýeňilse, onuň guly bolýandyr.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ