Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 8:4 - Mukaddes Kitap

4 Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шунлукда, бутлара гурбанлык берлен эти ийип-иймезлик барада шуны айтмакчы. Сизиң: «Бут аслында хичдир. Еке-тәк бир Худай бардыр» диййәниңиз догрудыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 8:4
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir.


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Isa: «Iň wajyp tabşyryk şudur: eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Çünki olardan biri seni, ýagny bilimi bolany, buthanada saçak başynda görmegi ahmal. Şonda onuň ynsaby ejizläp, buta berlen gurbanlygy iýmäge ymtylmazmy?


Şunlukda, eý, dogan, bu ynsaby ejiz dogan seniň bilimiň arkaly weýran edildi. Isa Mesih bolsa onuň ugrunda öldi.


Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlaryň guludyňyz.


Ähli zatdan üstün, ähli zat arkaly we ähli zatda bolan Atamyz Hudaý-da birdir.


„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler!


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi.


Indi bilip goýuň we ýadyňyzda saklaň, çünki ýokarda – gökde, aşakda – ýerde Reb Beýik Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur.


Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ