Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.
Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.
Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.
Hudaý Özüniň ezelden saýlap-seçen halkyny ret edenok. Ýa-da Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamber barada ýazylanlar ýadyňyzda dälmi? Ol Hudaýa ysraýyl halky barada arz edip, şeýle diýýär:
Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.
Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy».
Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?
Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.
„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.
„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.