Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шоңа гөрә-де, иййән задым доганымың бүдремегине себәп болҗак болса, мен оны асла иймерин. Мен онуң бүдремегини исләмок.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 8:13
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar.


Siz: «Men her zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz. Hawa, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. Men hem islän zadymy etmäge hakym bar diýip bilýärin, ýöne hiç zat meniň üstümden agalyk sürmeli däldir.


Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.


Kimdir biri ejizlände, men hem ejizlemeýärinmi? Kimdir biri günä iteklenende, ýürek-bagrym köýmeýärmi?


Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ