Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 8:12 - Mukaddes Kitap

12 Siz öz doganlaryňyzyň ejiz ynsabyny ýaralamak bilen, olara garşy günä edeniňizde, Isa Mesihe garşy günä edýänsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Сиз өз доганларыңызың эҗиз ынсабыны яраламак билен, олара гаршы гүнә эдениңизде, Иса Месихе гаршы гүнә эдйәнсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 8:12
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi.


Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar».


Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.


Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady.


Emma kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň üçin boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbüne zyňylmagy has gowy bolar.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.


Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar.


Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.


Haýsydyr bir tagam zerarly Hudaýyň işini weýran etmäliň. Hemme zat tämizdir, ýöne doganynyň imanda büdremegine sebäp bolýan zady iýýän adam nädogry edýändir.


Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.


Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ