Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Çünki olardan biri seni, ýagny bilimi bolany, buthanada saçak başynda görmegi ahmal. Şonda onuň ynsaby ejizläp, buta berlen gurbanlygy iýmäge ymtylmazmy?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Чүнки олардан бири сени, ягны билими боланы, бутханада сачак башында гөрмеги ахмал. Шонда онуң ынсабы эҗизләп, бута берлен гурбанлыгы иймәге ымтылмазмы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 8:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler.


Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr.


Iýip-de, öz iýýäni barada şübhelenýän adam eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol öz imanyna görä hereket edýän däldir. Imana görä edilmedik zat günädir.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr.


Emma bu bilim hemme adamlarda ýokdur. Käbir adamlar butparazlyk pikirlerinden saplanyp bilmän, bu gurbanlyk etini iýenlerinde, heniz-de buta sežde edýändir öýdýärler. Bu hem olaryň ejiz ynsabyny murdar edýär.


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ