Ýöne öýlenseň-de, bu günä däldir. Boý gyz hem durmuşa çyksa günä däldir. Emma durmuş guranlar bu durmuşda köp kynçylyklara duçar bolarlar. Men sizi şolardan goramak isleýärin.
«Rebbiň güni golaýlady» diýip aýdýan haýsydyr bir habar, pygamberlik ýa-da hat bizden ýaly bolup görünse-de, şolar sebäpli haýdan-haý aljyramaň, galpylda düşmäň.
Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar?